Britaniýaly hünärmenler internetiň tizligini sekuntda 178 terabit derejesine ýetirmek bilen bu ugurda häzirki wagta çenli görkezilen iň ýokary netijäni gazanmak bilen rekord goýdular.
Häzirki döwürde iň ýokary tizlikli internet ýaponlaryň ulgamlarynda bardy. Ol hem öz gezeginde 10 Gbit/sekunt derejesindäki tizlik bilen hereket edýär. Britanlaryň innowasion tehnologiýalary bu ulgamyň işinde ýokary tizligi 9 TGs derejesindäki görkezijä ýetirmegi başarýar. Şol esasda hem olara ýakynda dünýäniň internet boýunça iň ýokary tizligini gazanmak başartdy.
Bu tehnologik barlaglaryň netijeleri dogrusynda britanlaryň “IEEE Photonics Technology Letters” neşiri doly maglumatlary ýetirýär. Materialda görkezilýän maglumatlara laýyklykda, britanlar bu görkezijä fazany, ýagtylygyny we tolkunlaryň uzynlygynyň polýarizasiýasyny üýtgedýän signallaryň kombinasiýasyny modernizasiýa etmek bilen ýetipdirler.
Düşnükli dilde aýdylanda, olar bar bolan ähli tehnologiýalary birikdirmek ýoly bilen internet maglumatlaryny alyş-çalyş etmekde ýokary tizligi berýän gibridli ulgamy döretmegiň hötdesinden gelipdirler.
Iň ýokary tizlikli internet rekordy
