24-nji awgustda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan “EKSPO — 2020-ni» indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady.
Türkmenistanyň Dubaýda geçiriljek “EKSPO” gatnaşmagynyň gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşarky bazarlara işjeň çykarylmagyna, şeýle hem dürli ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistan «EKSPO — 2020-niň» guramaçylyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistan «EKSPO — 2020-niň» guramaçylyk geňeşi bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
