Hytaý koronawirus pandemiýa bilen baglanyşykly üýtgeşik syýasat ýöretmek kararyna geldi. Indi ýurduň ýolbaşçysy beýleki döwletlere koronawirus waksinasyny sowgat hökmünde berer.
Bilermenleriň pikirlerine görä, Pekin dünýäde geosyýasy abraýyny berkleşdirmäge çalyşýar. Koronawirus waksinasy Hytaýa başga döwletler bilen gatnaşyklary ýakynlaşdyrmaga Günorta Hytaý deňzindäki ABŞ harby güýçlerine garşy goltgy berilmegine ýardam eder.
Bilýän bolsaňyz, dünýäde öndürilýän alty sany derman serişdesiniň üçüsi hytaýyň paýyna düşýär. Bu koronawirus waksinasy babatda hem şeýle. Häzirki wagtda üç sany waksinanyň ahyrky synaglar dowam edýär. Russiýada bolsa resmi taýdan ýazga alnan ýekeje koronawirus waksinasy bar. Şu sebäpli hem edil Russiýa ýaly Hytaý hem koronawirus waksinasyny döredip “geosyýasy utuş serişdesinden” peýdalanmak mümkinçiligini ele salmaga çalşar.
Hytaý koronawirus waksinasyny sowgat eder

RU












