“Barselona” futbol klubynyň ýolbaşçylary klubyň ady rowaýata öwrülen hüjümçisi Lionel Messini satmaga garşy däldigini bildirdiler. Eger hakyky teklip düşse dolandyryjylary argentinaly futbolçyny satmak wariantyny görüp çykmaga taýýardygyny habar berýär “ESPN”.
“Barselonalylar” Messiniň transferinden düşjek puly Ronald Kuman üçin täze topary emele getirmek üçin sarp etmek isleýärler. Şeýle-de şunuň üsti bilen olar toparyň harajatlaryny azaltmaga çalyşýarlar.
Messiniň “Barselona” bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň ýazyna çenli düzülendir. Onuň şertnamasynyň bozulmagynyň jerimesi hökmünde 700 million ýewro belgilenendir.
2019-2020-nji ýylky möwsümde Messi “Barselonanyň” düzüminde ähli ýaryşlaryň çäginde 44 sany oýunda meýdança düşüp 31 sany gol urdy we 26 sany gola bolsa assistentlik etdi.
«Barselona» Messini satmaga taýýar
