Iki sany agram derejesinde UFC çempiony Amanda Nunýesiň nobatdaky tutluşygynyň haçan geçiriljegi mälim edildi.
UFC-nyň şagyzy hasaplanýan Amandanyň 12-nji dekabr güni Megan Andersona garşy tutluşyga çykar. Tutluşyk UFC 256 gijesiniň merkezi we iň esasy söweşi bolar. Söweşde garşydaşlar baş baýraga ýetmek we özleriniň utuş rekordyny täzelemek üçin ellerinde barlaryny ederler.
Häzirki wagta çenli UFC 256 turniri nirede boljakdygy mälim däl. Ýöne onuň dünýäniň sport köpçüligine tanyş bir künjeginde boljakdygy welin ikuçsyzdyr. Bu barada Sports.ru habar berýär.