Golaýda boks dünýäsiniň meşhur türgeni Aleksandr Powetkin Londonda
WBC-niň wagtlaýyn çempionlygyna eýe bolmak üçin britaniýaly Dillian Waýt
bilen tutluşyk geçirip, ýeňiş gazandy.
Iki sany nokdawndan soň, Powetkin 5-nji döwde özüniň batly urgusy bilen
garşydaşyny nokauta gidirmegi başardy. Indi bolsa bu ýolda russiýaly türgene
“Syganlaryň şasy” lakamly Taýson Fýuri bilen duşuşyk geçirmek garaşýar.
Ýöne bu ruslaryň ähli gazanan ýeňşi däl. Söweş sungatynyň garyşyk tilsimli
söweş görnüşi boýunça Ankaswilde geçirilen “Bellator” ýaryşynda rus türgeni
Wadim Nemkow öz agramynyň çempiony bolup durýan amerikaly Raýan Beýder
bilen göreşip, ondan üstün çykmagy başardy. Bu bolsa onuň ýarym agyr agramda
promowşeniň çempiony bolan ilkinji rus türgeni bolmagyna getirdi.
Mundan başga-da, şol gün agşam başga-da iki sany rus türgeni tutluşyk
geçirip, ikisi hem öz garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardylar. Aleksandr
Powetkin barada aýdylanda bolsa, onuň indiki geçirjek tutluşygy aýgytlaýjy bolup,
rus türgeni üçin agyr düşer.
Çempionlyk tutluşygy bolar
