Ýakynda ABŞ-da beta-galwinik batareýalaryň 28 müň ýyl zarýad saklap biljek nusgasyny döretdiler. Onuň düzüminde atom galyndylaryndan döredilen esas bolup, ýörite sintetik almazlar bilen örtülenligi sebäpli ol adam saglygy üçin zyýanly däldir.
ABŞ-nyň “Nano Diamond Battery” kompaniýasynyň işgärleri “hemişelik”, ýagny on müňlerçe ýyl işlemegi kepillendirýän batareýany döretmegi başardylar. Olar beta-galwinik esasly bu batareýalaryň kuwwatynyň sarp ediliş aýratynlyklaryny ýörite laborotoriýalarda tejribelik esasynda barlagdan hem geçirdiler. Bu batareýalar başgaça betawoltaik diýlip hem atlandyrylýar.
“Nano Diamond Battery” kompaniýasynyň ýolbaşçysy “New Atlasa” berýän habarynda bu batareýanyň azyndan 28 müň ýyllyk kuwwatynyň bardygyny aýdýar. Bu görnüşli enjam bölegi tehnikanyň we tehnologik enjamlaryň dürli hili sferalarynda ulanylyp bilner. Mysal üçin, ol öýjükli telefon ulgamlaryndan başlap, ulag ulgamynyň häzirki zaman ösen görnüşlerinde, hatda otlularda, uçarlarda hem peýdalanyp bilner.
“Hemişelik” batareýalar
