Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maskyň baýlygy şu ýylyň başyndan bäri 3,5 esseden hem gowrak ýokarlandy we birinji gezek 100 milliard dollardan geçdi diýip, Bloomberg özüniň Bloomberg Billionaries Index (BBI) reýtingine salgylanmak bilen ýazýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
27-nji awgust boýunça Maskyň baýlygy 101 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. Ýylyň başynda, BBI laýyklykda, ol 27,4 milliard möçberindedi. Şeýlelik bilen, ýylyň başyndan bäri milliarderiň baýlygy 73,6 milliard dollar, ýagny 3,7 esse ýokarlandy.
Bu Tesla-nyň paýnamalaryna bahalaryň ýokarlanmagy bilen şertlendirilýär. Çarşenbe güni kompaniýanyň paýnamalary 6,42% gymmatlady we bazarlar ýapylanda olar 2153,17 dollara durýardy. 20-nji awgustda bolsa kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy taryhda birinji gezek 2 müň dollardan hem ýokary galdy. Ýanwarda kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 430,26 dollara durýardy. Martyň ortalarynda koronawirus çökgünliginiň güýjän döwründe paýnamalaryň iň pes bahasy 361 dollara çenli peseldi. Çökgünligiň bu döwri tamamlanandan soň, fond meýdançalarynda kompaniýanyň paýnamalary ýokary depgin bilen ösüp başlady. Şeýlelik bilen, ýylyň başyndan bäri Tesla-nyň kapitaly 4,7 esse ýokarlandy.
Muňa garamazdan, Mask heniz hem BBI reýtinginde dördünji orunda bolmagynda galýar. Ol bu reýtingde diňe Jeff Bezosa, Bill Geýtse we Mark Sukerberge ýol berýär. Forbes Ilon Maskyň baýlygyny $95,5 mlrd bilen bahalandyryp, ony bäşinji orunda goýýar.