29-njy awgustda Aşgabadyň Garaşsyzlyk seýilgähindäki dabaralar
merkezinde (amfiteatrda) Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry»
atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2020»
telebäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry boldy. Oňa deslapky tapgyrlarda
saýlananlar — her welaýatdan 2 hem-de paýtagtdan 2 ýerine ýetiriji, jemi 12 sany
ýaş, höwesjeň aýdymçy gatnaşdy.
Jemleýji bäsleşikdäki konsert Türkmenistanyň Prezidentiniň bäsleşige
gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Soňra «Ýaňlan,
Diýarym!» telebäsleşiginiň dürli ýyllardaky ýeňijileriniň ýerine ýetirmeginde,
şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine, Begenç Saparlyýewiň sazyna döredilen
«Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!» diýen aýdym ýaňlandy. Bäsleşigiň şertine
laýyklykda, aýdymçy ýaşlaryň her biri bir estrada aýdymyny ýa-da türkmen halk
aýdymyny ýerine ýetirdi. Dabarada oňa gatnaşýan tomaşaçylar tarapyndan
arassaçylyk, tertip-düzgün, saglygy goraýyş talaplary bellenilen araçäklerde
oturmak arkaly, berk berjaý edildi.
Emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň aýdymy ýerine ýetiriş ussatlygy
bilen birlikde, ses aýratynlyklaryna, milli lybaslaryna, şeýle-de sahnada özüni alyp
baryş, artistlik ukyplaryna-da baha berdiler. Olaryň gelen netijesine görä, Aşgabat
şäherinden Goçguly SAPAROW, Ahal welaýatyndan Saparmyrat ATAÝEW,
Balkan welaýatyndan Güýçberdi DERWAÝYSOW, Daşoguz welaýatyndan
Mekan NAZARMEDOW, Lebap welaýatyndan Babajan HANMYRADOW, Mary
welaýatyndan Maýsa MYRADOWA bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Şa serpaýlary — altyn zynjyrlary dabaraly
ýagdaýda gowşuryldy. Soňra şahyr Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine, Begenç
Saparlyýewiň sazyna döredilen «Ýaşa, mähriban Arkadag!» diýen aýdymy
konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň hormatly
Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.