Müsüriň “Al Ahram” habarlar agentligi ýurduň metjitlerinde juma namazyny
okamaga rugsat berlendigini, ýöne onuň üçin koronawirusdan goranmak üçin ähli
gorag çärelerini amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin gerekli işleriň ýerine
ýetirilmeginiň hasabyna boljakdygyny habar berýär.
Müsürde pandemiýa şertlerinde juma güni jemagat namazyny guramak üçin
taýýarlyk görülýär. Ýurtdaky metjitleri dezinfeksiýa etmek işleri amala aşyrylýar.
Premýer ministr Mustafa Madbuliniň aýtmagyna görä, juma günündäki wagyz
diňlemek wagty 10 minuda çenli gysgaldyrylar.
Hökümet tarapyndan yglan edilen öňüni alyş çärelerine görä, namaz
okaýanlar hemişe agyz-burun örtüklerini dakynmaklary we 1 we 2 metr aradaşlygy
saklamaklary we özleriniň şahsy namazlyklaryny peýdalanmaklary gerek bolar.
Musulmanlar namazdan 10 minut öň metjide girmekleri mümkin bolar. Ybadat
edip bolanlaryndan soň bolsa metjitler derrew ýapylar.
Müsürde koronawirus sebäpli mart aýynyň 21-inden metjitler ýapylypdy.
Iýun aýyna gelip gündelik namazlary okamaga rugsat berlipdi. Ýne juma
namazlaryny okamaga rugsat berilmändi.
Müsürdäki metjitlerde juma namazyny okamaga rugsat berildi
