“Lasio” futbol klubynyň hüjümçisi Çiro Immobile Rim kluby bilen häzirki
wagtda öz güýjüni saklap gelýän şertnamasy 2025-nji ýyla çenli uzaldyldy. Bu
barada klub resmi saýty habar berýär.
Italiýa neşirleriniň ýazmagyna görä, 30 ýaşly forwardyň ýyllyk iş haky 4
million ýewrony emele getirýär. Eger ol pökgi urmak başarnygyny görkezse,
aýratyn bonusa hem eýe bolýar. Çironyň Rim kluby bilen şertnamasy 35 ýaşynda
tamamlansa-da, hüjümçi karýerasynyň ahyryna çenli “Lasio”-da galmakçy.
Immobile 2016-njy ýyldan bäri “Lasio” futbolçysy hasaplanýar. Şu
möwsümde onuň kluby A Seriýada 4-nji orny eýeledi. Immobile bolsa 2019-2020-
nji ýylky möwsümiň netijelerine görä, 36 sany gol bilen “Altyn butsa” eýe boldy.
Soňky orunlary Lewandowskiý we Ronaldo eýeledi.
Öňräk “Barselona” kluby Suares bilen hoşlaşsa, onuň ornuny “Lasio”-dan
Immobileni teklip etjekdigi hakynda habarlar ýaýrady.
Immobile “Lasio” bilen täze şertnama baglaşdy
