YouTube-däki PhoneBaff kanalynyň hünärmenleri diňe bir smartfonlaryň
işleýiş tizligine degişli deňeşdirme testlerini, şeýle-de käbir ýagdýalarda drop-
testlerini geçirýärler. Bu gezek kanalyň eýeleri iPhone 11 Pro Max hem-de
bazarlarda birinji gezek Gorilla Glass Victus gorag aýnasyna eýe bolan Samsung
Galaxy Note20 Ultra-ny biri-birine deňeşdirdiler.
Gözkezilen wideodan görnüşi ýaly, bir metr belentlikden gaty üste taşlanan
telefonlaryň arasynda Apple-niň smartfony meselä duş geldi. Samsung smartfony
bolsa platformadan uçup gitdi. Note20 ultra-nyň az zeperlenmegi onuň platforma
nähili düşeni sebäp bolandyr. Ähtimal muňa kamera modulynyň ululygy we
agyrlygy täsir edendir.
Belli bir burça taşlanma iki smartfona hem bir şikes ýetirdi. Öň tarapy bilen
urgudan bolsa Samsung özüniň berdaşlylygyny görkezdi. Anyk edip aýdanda
smartfonyň aýnasyna hiç zat bolmady, iPhone 11 pro Max-yň bolsa aýnasy bolsa
zaýalandy.
1,45 belentlikden taşlanan 10 sany yzly-yzyna geçirilen test netijeleri ajaýyp
çykdy. iPhone 11 Pro Max testden geçen beýleki gatnaşyjy smartfonlar hem
synaglardan aman çykmadylar. Olaryň az sanlysynda ekranyň işi togtamady, ýöne
juda agyr şikeslenme we hatda kameranyň işlemezligine gözegçilik edildi.
Samsung-yň täze modeli bolsa garaşylmadyk netijäni berdi. Smatfona o diýen agyr
şikeslenmeler täsir etmedi.