“Hyundai” koreý konserni özüniň “Hyundai Tucson” kysmynyň dördünji nesliniň aýratynlyklaryny mälim etdi. Bu awtoulagyň onlaýn görkezme tanyşdyrmasy şu ýylyň 15-nji sentýabrynda bolar. Şeýle-de bu awtoulagyň Vision T kysmynyň aýratynlyklary esasynda döredilýändigini bellemke gerek.
“Hyundai Tucson” kysmynyň dördünji nesli “duýujy sport aýratynlykly” stilinde dörediler. Bu dizaýnerlik filosofiýasynyň esasy maksady bolsa awtoulagyň emosional häsiýetlerini ýokarlandyrmak bolup durýar.
Awtoulagy öndüriji hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, “Hyundai Tucson” kysmynyň dördünji nesli ilkinji iki hili ölçegde bir at bilen öndüriljek SUV aýratynlykly awtoulag bolar. Öňki nesli bilen deňeşdirilende hem ol düýpli tapňawutlanýar. Häzir onuň göwrümi öňki nesliňkiden uludyr.
Resmi saýtlarda bellenişine görä, bu kysmyň her täze nesli döredilende onuň salony örän giňeldilýär. Elementleriniň gaýtadan goýulmagy esasynda onuň içki gurluşy özgerdilýär. Şeýle-de onuň gurluşynda dizel ýangyjy üçin hereketlendiriji we gibrid kuwwat esasy bolar.