“Ýuwentus” futbol klubynyň goragçysy Kristian Romero kireýne esasda “Atalanta” geçdi. Bu barada Bergamo klubynyň resmi metbugat gullugy habar berýär. Argentinaly futbolçynyň töleg esasdaky şertnamasy 2020-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli baglaşylandyr.
Şertnamanyň maglumatlaryna esaslansak, futbolçy üçin “Atalanta” futbol kluby 16 nillion ýewro töleg geçiripdir. Romero “Ýuwentusa” 2019-njy ýylda “Ženoadan” geçipdi. 2019-2020-nji ýylyň möwsümini hem ol şol klubda geçiripdi.
22 ýaşly futbolçy Italiýanyň A Seriýasynyň çäklerinde 30 sany oýunda meýdança düşüp, 1 sany goly we 2 sany assisti öz hasabyna belläpdi.
“Ýuwentusyň” futbolçysy “Atalanta” geçdi
