Tokioda tomusky Olimpiýa oýunlary geçirilýän wagtynda koronawirusdan goranmak we onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Ýaponiýa hökümet komissiýasynyň birinji mejlisi geçirildi.
Mejlis esasy meselä: serhede gözegçiligi, koronawirusyň öňüni almak we onuň ýaýran wagty amala aşyrylmaly işlere bagyşlandy. Mundan başga-da, komissiýa ýaryşlar geçirilýän wagty sportçylaryň we resmi şahslaryň hereketlenmegine gözegçilik edýän ýörite mobil enjamy ulanmagyň mümkinçiliklerini görüp çykarlar. Olimpiýa oýunlary wagtynda Ýaponiýa girmek we ýurtdan çykmak meselesinde esasy talap koronawirusdan otrisatel test netijesiniň bolmagydyr.
Ýaponiýa tarapy, şeýle-de mejlisde Olimpiadadan öň sportçylaryň toplanmak kadalaryny işläp çykdy. Gün tertibine görä, kesel ýokuşan adamlaryň sany artanda olary ýerleşdirmek mümkin bolan keselhanalaryň ýagdaýyna, sport desgalarynda sportçylaryň saglygyna gözegçilik etmek ýaly meselelere garaldy. Komissiýa eger pandemiýanyň ýaýramagy azalmasa stadionlarda tomaşaçylaryň sanyny azaltmaly bolsa edilmeli işler bilen tanyşdy.
“Tokio-2020” Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýulyndan 8-nji awgustyna çenli aralykda geçiriler. Bu ýaryşlar esasy üç sany ýörelge: howpsuz gurşawy döretmek, çykdajylary kemeltmek, ýaryşlary geçirmek ulgamyny sadalaşdyrmak esasynda guralar.
Ýaponiýa Tokio-2020 Olimpiýa oýunlarynyň howpsuzlygynyň ugrunda
