“The Atletic” habarlaryna görä, “Mançester Ýunaýted” futbol klubynyň baş tälimçisi Ole-Gunnar Sulşer “Old Trafford”-yň medeniýetine, klub mentalitetine dogry gelmeýän futbolçylar bilen hoşlaşmaga taýýardygyny belledi. Aýdyşlaryna görä, Donni wan de Bekiň transferinden soň ýolbaşçylar bu futbolça uly üns berdi.
Tälimçi bolsa öz nobatynda kemçilikleri köp bolan, ýeňiş gazanmaga maksady bolmadyk futbolçylary toparyň düzüminden çykarmakçy.
Öňräk, Jessi Lingrad, Andreas Pereýra, Fil Jons ýaly futbolçylaryň ýazda topary terk etmeginiň mümkinligi hakynda aýdylypdy.
«Mançester Ýunaýted» birnäçe futbolçysy bilen hoşlaşmaga taýýar
