Hünärmenler bu mowzukda iş alyp baryp, adamyň görüş mümkinçiliklerini peseldýän 5 sany endigi mälim etdiler.
ToDay News Ufa resmi saýtynda habar berlişine görä, şeýle endiklere gözegçilik etmek biziň görüşimiziň funksiýalaryna oňyn täsirini ýetirer.
Görüşimize zyýanyny ýetirýän ilkinji ýaramaz endik çilik çekmekdir. Hatda oftamologlaryň bellemeklerine görä, çilim çekmek bilen gözde katarakt döremeginiň mümkiinçilikleriniň ýokary bolýanlygy tassyklanýar. Şeýle-de çilim çekýänler ýaş makulýar degenerasiýasyna ýakyndyr. Bu orta we ýiti görüş esasly kemçilik bolup durýar.
Mundan başga-da, görüşimiz üçin zyýanly endikleriň biri gözlerimizi ellerimiz bilen süpürmekdir. Munda ellerimiz bilen arassa gözlerimize infeksiýa düşmek mümkinçiligi uludyr.
Telefonlara, telewizorlara, kameralara… we ş.m gözlerimizi ýakynlaşdyrmak hem görüş üçin zyýanly zatlaryň biri bolup durýar. Sebäbi, gadjetleriň ekranlary özlerinde ýörite gök şöhlelendirmäni jemleýärler. Olar bolsa toksik himik maddalary bölüp çykarýarlar. Ol bolsa biziň näzik gözlerimize öz zyýanly täsirini ýetirýär.
Gözlerimize ýaramaz täsirini ýetirýän zatlaryň ýene-de biri — ultrafiolet şöhleleri. Ol hatda gyşyň güni hem zyýanly täsirini ýetirip bilýändir. Şonuň üçin aýratyn hem tomusda gözlerimize Gün äýneklerini dakynmagy ünsden düşürmeli däldiris.
Bu ugurda hünärmenler wagtly-wagtyna okulista ýüz tutup durmagy maslahat berýärler. Sebäbi gözlerimiz medisina barlagyndan geçirmek bilen göz keselleriniň irki basgançaklarynda olara bejergi alyp bileris.