Asly senegally amerikan rep žanrynyň meşhur aýdymçysy Akon Senegalyň adalarynyň birinde Akon City ady bilen gurdurmak isleýän şäheriniň ilkinji binýatlyk daşlaryny goýdy. Bu özboluşly çärä Senegalyň syýahatçylyk boýunça ministri Aliun Sarr hem gatnaşdy. Ol bu barada öz Twitterinde: “Maňa bu şäheriň gurluşygynyň ilkinji binýadyny onuň hemaýatkäri, has takygy watandaşymyz Alian Badar Tiam (Akon) bilen tutmak miýesser etdi.” – diýip belleýär.
Meşhur aýdymçy şeýle hem öz şäheriniň gurluşygynyň başlanmagy baradaky habary hem-de onuň käbir suratlaryny öz resmi hasabynda köpçülige ýetiripdir.
Akon City diýen at bilen dörediljek şäher Senegalyň paýtagtyndan 100 kilometr uzaklykda bolup, ýurduň prezidenti tarapyndan Akona sowgat berlen adada ýerleşer. Oňa Seneaglyň täze halkara howa menzilinden ýeňil awtoulagda 5 minutda barmak bolýar. Şäheriň umumy meýdany 809 gektara barabar bolup, onuň iş ulgamlary Gün energiýasy esasynda dolandyrylar. Şäheriň merkezi böleginde gökdiränler, söwda merkezleri, kazinolar, spa-toplumlary we beýleki söwda we hyzmatlar binalary dörediler. Ýerli pul dolanyşygy bolsa aýdymçynyň şahsy elektron walýutasy bolan Akoin esasynda alnyp barylar.
Bu proýektiň harajaty jemi 6 milliard dollar diýlip hasaplanýar we Senegalyň döwlet häkimýeti, hususyýetçiler hem-de aýdymçynyň özi tarapyndan ýola goýulýar. Akonyň aýtmagyna görä, onda şahsy şäherini döretmek meýli “Gara pantera” filmine tomaşa edeninden soň döräpdir. Ony bu kinofilmdäki Wakanda atly daşarky dünýäden başgaça, hyýaly şäher hyjuwlandyrypdyr.
Akon Senegalda öz şäherini gurdurar
