Günorta Koreýanyň ETNews neşiri 7-nji sentýabrdaky sanynda Samsung kompaniýasynyň 2021-nji ýylda satuwyny 300 million smartfona çenli ýetirjekdigi barada habar berilýär. Neşir bu maglumaty kompaniýanyň resmi saýtyna salgylanmak bilen ýetirýär.
Şu ýylyň umumy jemi boýunça koronawirus epidemiýasy zerarly Samsung kompaniýasynyň satuwy örän pese düşdi. Şu ýylyň hasabyna laýyklykda kompaniýa smartfonlaryň umumylykda 260 million sanysyny satmagy meýilleşdirýär. Ýöne öňümizdäki ýylda bolsa hünärmenleriň aýtmaklaryna görä bu görkeziji 15% derejede ýokarlanar.
Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymy boýunça Samsung kompaniýasy satuw sany boýunça hytaýlaryň Huawei kompaniýasyndan hem pesde boldy. Neşirde geljekki bir ýyly göz öňüne tutmak bilen koreý kompaniýasynyň öňe saýlanjakdygy bellenilýär.
Ýatlap geçsek, bu ugurda 2019-njy ýylda ABŞ-da Huawei kompaniýasyna sanksiýalaryň girizilendigini hem-de onuň bilen hyzmatdaşlyklaryň kesilendigini aýtmak bolar. Emma Huaweiň girdejisi içerki hytaý bazarynda barha artyp, täze netijelere ýetýär. Hytaý bazary bolsa, bilşimiz ýaly, dünýänip iň giň göwrümli bazary bolup durýar.
Bu ýylda bolsa ABŞ Huawei bilen gatnaşyklary doly ýatyrmak bilen, ýükleri yzyna daşamak işinde hem ştatlaryň Söwda ministrliginden rugsatnamalary almagy talap edýär. Bu babatda ilkinji kesgitlenen limit mikroshemalar bolup, soňlugy bilen beýleki gadjetler hem girizildi.
Samsungyň girdejisi 15% artar
