Ufanotes.ru saýty ToDay News Ufa çeşmesine salgylanmak bilen koronawirusyň esasy syrynyň aýan edilendigini ýazýar.
Bu açyş ABŞ-nyň Oak-Rij döwlet laborotoriýasynyň Summit atly superkompýuterine degişlidir. Onuň çykaran netijelerine laýyklykda, koronawirus ýürek keselleri bilen bagly bolup durýar.
Bu häsiýetlendirme tapgyryny işläp taýýarlamak üçin superkompýutere bir hepde wagt gerek bolupdyr. Bu wagtyň içinde bolup geçen prosesiň düzüminde 17 müň genetik görnüşlerden peýdalanylyp, 40 müňden gowrak gen işlenip taýýarlandy, 2,5 müň töweregi kombonasiýa amal edildi.
Superkompýuteriň görkezýän netijelerinde adamlaryň bu kesele uçramaklarynyň esasy sebäpleriniň biri hem bradikinin gomlarynyň täsiri uly diýlip görkezilýär. Şonuň üçin hem onuň şu hili esasdaky bejergisinde bradikinin üçin peýdalanylýan dermanlary içmegiň peýdaly boljakdygy çaklanýar.
Bu dermanlar örän täsirli we häzirki wagtda giňden ýaýrandyr. Bir tarapdan bolsa alymlaryň aýtmaklaryna görä, şu hili gipotezalary durmuşa geçirmek üçin olary doly we anyk barlaglaryň üsti bilen köp barlamaly. Şonuň üçin hem superkompýuteriň barlaglary häzir hem dowam edýär.
Superkompýuter COVID-19-yň esasy syryny mälim etdi
