Londonlylar Liga 1 klubynyň derweçisini satyna alar. «Çelsi» «Ren» klubynyň esasy derwezewanyny öz düzümine goşmaga çalyşýar. Aýdylyşyna görä, gepleşikler häzirki wagtda tamamlaýjy tapgyryndadyr. Mendi 28 ýaşynda bolup, ol birwagtyň özünde Senegal ýygyndy toparynyň hem agzasydyr. Londonlylaryň klubynda başga-da wariantlaryň barlygy hakynda aýdylýar.
Öňräk, “Aýaksyň” derwezeçisi Andre Onana hem-de “PSŽ-niň” derwezeçisi Alfons Areolan “Çelsä’ teklip edilipdi. Ýöne klubyň ýolbaşçylary muny kabul etmändi. Bu gezek bolsa Mendä toparyň hut özi uly isleg bilen ýüz tutýar.