Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň
29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine we ylmy-amaly maslahata hem-de Aşgabat şäherinde dokma önümleriniň dükanlaryny açmaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda döwlet we hususy kärhanalarynyň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly kuwwatyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän bölümleriň 70-den gowragynyň gurnaljakdygyny habar berdi.
Şeýle-de “Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.