Telewideniýe tankytçylarynyň assosasiýasy 2020-nji ýylyň başyndan häzirki güne çenli surata düşürilip ýaýlyma goýberilýän tapgyrlaýyn yzygiderli kinofilmleriň, ýagny seriallaryň iň şowly çykanlaryny yglan etdi.
Assosasiýanyň gelen netijelerine laýyklykda, iň gowy serial diýlip HBO teleýaýlymynyň proýekti bolan “Sakçylar” teleserialy saýlandy. Kinofilm barada aýtsak, onuň ilkinji tapgyrlary tomaşaçylary kän bir gyzyklandyrmadyk bolsa hem soňlugy bilen iň söýlüp görülýän seriala öwrüldi. Ähli personažlarynyň ýüzleri nikaply bolup, olar allegorik häsiýeti aýdyň açyp görkezýärler. Serial reallyk bilen örän baglanyşyklydyr.
Aslynda onuň ssenarisini düzýän mazmun täzelik däl. Ilki HBO teleýaýlymy Alan Mur we Deýw Gibsonyň komiksleri esasynda 10 tapgyrlyk serialy döretmegi meýilleşdirdi. Emma olary şekillendirmegiň kyn bolanlygy üçin, serialyň mazmuny üýtgedilmeli boldy. Şonuň üçin hem şowranner Deýmon Lindelof bu işe täzeçe çemeleşip, Gibson tarapyndan döredilen dünýäni sahnasyna esas hökmünde almak bilen onda has soňrakky komiksleri beýan etdi.
“Sakçylar” serialy mundan başga-da birnäçe ýokary baýraga mynasyp görüldi. Ol “Emmi” baýragyna eýe bolmak bilen, “Iň gowy film”, “Iň gowy mini-serial” ýaly atlandyrmalara eýe boldy.
2020-nji ýylyň iň gowy seriallary
