Dünýäniň tanymal “Forbes” žurnaly dünýä futbolynyň ýyldyzlarynyň hatarynda iň köp girdejisi bolan futbolçylary mälim edip, olaryň TOP-10 sanawyny düzdi.
Bu reýtingde futbolçynyň zähmet haky, goşmaça berilýän pul baýraklary hem-de reklama şertnamalary göz öňüne tutuldy. Şol görkezijiler hem umumylykda 2020/2021-nji futbol möwsüminiň netijelerini görkezýär. Bu onluga girýänleriň umumylykdaky tölegi 570 million ýewro bolup, geçen ýylkydan 11% ýokarydyr.
Soňky möwsümiň netijeleri boýunça dünýä futbolynyň iň köp girdejili futbolçylarynyň onlugy şulardan ybarat:
1.Lionel Messi. “Barselona”
Umumy girdejisi: 126 million ýewro.
Zähmet haky: 92 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 34 million ýewro
2.Kriştiano Ronaldo. “Ýuwentus”
Umumy girdejisi: 117 million ýewro.
Zähmet haky: 70 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 47 million ýewro.
3.Neýmar. “PSŽ”
Umumy girdejisi: 96 million ýewro.
Zähmet haky: 78 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 18 million ýewro.
4.Kilian Mbappe. “PSŽ”
Umumy girdejisi: 42 million ýewro.
Zähmet haky: 28 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 14 million ýewro.
5.Mohammed Salah. “Liwerpul”
Umumy girdejisi: 37 million ýewro.
Zähmet haky: 24 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 13 million ýewro.
6.Pol Pogba. “Mançester Ýunaýted”
Umumy girdejisi: 34 million ýewro.
Zähmet haky: 28 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 6 million ýewro.
7.Antuan Grizmann. “Barselona”
Umumy girdejisi: 33 million ýewro.
Zähmet haky: 28 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 5 million ýewro.
8.Garet Beýl. Madridiň “Realy”
Umumy girdejisi: 29 million ýewro.
Zähmet haky: 23 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 6 million ýewro.
9.Robert Lewandowskiý. “Bawariýa”
Umumy girdejisi: 28 million ýewro.
Zähmet haky: 24 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 4 million ýewro.
10.Dawid De Hea. “Mançester Ýunaýted”
Umumy girdejisi: 27 million ýewro.
Zähmet haky: 24 million ýewro.
Reklama şertnamasy: 3 million ýewro.