Bu günki günde dürli-dümen iýmitler, tiz tagamlar bilen naharlanmak giň gerime eýe bolýar. Ähli adamlaryň işdämenlik bilen iýýän pizzasy hakynda welin aýtmasa-da bolýar. Makalamyz arkaly bolsa size pizza hakynda iň gyzykly maglumatlary ýetirmegi ýüregimize düwdük.
“Pizza Hut” pizza ulgamy 1994-nji ýylda onlaýn pizza buýurma etmek teklibini hödürläp başlady.
Awstraliýadaky uly pizza takmynan 28 sm, ABŞ-daky ortaça pizzadan kiçidir. ABŞ-nyň ortaça pizzasynyň ululygy 30 sm-dir.
Pizzanyň bahasy ABŞ-da 50 ýylyň dowamynda Nýu-Ýork metrosynyň ýol nyrhy bilen deňdi. Ykdysadyýetçiler muny “Pizza prinsipi” diýip atlandyrdylar.
Amerikada sekuntda 350 bölek pizza satylýar.
Pizzany doňdurmaga ýöriteleşen ilkinji kompaniýalardan biri Pizza familiýaly maşgala tarapyndan dolandyrylýar.
Bir wagtlar Ledi Gaga özüniň konsertini nobat boýunça garaşýan tomaşaçylary üçin 1000 dollarlyk pizza satyn alypdyr.
Pizza görnüşine eýe bolan we onuň ysy gelip durýan DVD diskler hem bar.
Amerikadaky iň uly pizza ulgamlary – “PIZZA Domino” we “Pizza Tezarlaryň” aralygy bary-ýogy 18 mildir.
Nýu-Ýorkdaky bir pizzanyň tagamynda arassa howanyň özüne mahsus lezzetini duýmak bolýar.