Russiýaly MMA türgeni Mogomed Ismailow Wladimir Mineýewe garşy turnir üçin uly möçberde öwez tölegini talap edýär.
Bu barada Ismailowyň özi şeýle gürrüň berýär: “Eger Mineýewe garşy turnire çykmagymy isleýän bolsaňyz 30 million rubl töläň. Nobatdaky ýaryşym üçin şunça töleg geçirilmegini men dogry hasaplaýaryn. Köp däl. Men özümiň bahamy bilýärin. Eger tutluşyk ABŞ-da guralsa nyrh ýene-de artar”.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Mogomed Ismailow hem-de Wladimir Meneýewiň özara ilkinji tutluşygy deňme-deň netije bilen tamamlanypdy.
M.Ismailow Mineýew bilen 30 million öwezine tutluşar
