Düýelere hyzmat edip, olaryň saglyk ýagdaýyny berkidýän, gerekli lukmançylyk kömegini berýän dünýädäki iň uly hassahana Saud Arabystanynyň Buraýda şäherinden onçakly uly bolmadyk Al-Kasym merkezi welaýatynda ýerleşýär.
Hassahana iki aý öň – iýun aýynda esas goýuldy. Gurluşygyna bolsa 137 million Saudiýa rialy ýa-da 36,5 million dollar möçberde serişde sarp edildi. Hassahananyň meýdany 70 müň kwadrat metre deň bolup, bu ýerde düýelere bejergi bermek we zerur lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek amala aşyrylýar. Bulardan başga-da, bu ýerde düýeleri rentgen we operasiýa hem edýärler.
Hassahananyň açylmagynyň oňaýly taraplary hakynda düýeler bilen söwda edýän Abduleziz As Salum şeýle diýýär: “Düýeler üçin hassahana açylmagy gaty gowy boldy. Öňler biz bu mesele boýunça gaty kynçylyk çekýärdik. Düýeleri başga welaýatlara eltip bejerdýärdik. Hassahana ýakyn ýerde gurlany üçin biz 98 göterim meselelerimizden dyndyk”.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, Al-Kasym welaýatynda düýeler satylýan we satyn alynýan iň uly bazar ýerleşýär. Öňler düýe bakýanlar öz düýelerini keselden bejergi almagy üçin 655 km ýol söküp başga welaýata barmaly bolýardylar.
Dünýädäki ilkinji iň uly düýeler hassahanasy
