Çak Fini 40 ýylyň dowamynda dürli sahawat jemgyýetlerine sekiz milliard dollardan gowrak mukdardaky puly sahawat hökmünde olaryň hasabyna geçiripdi.bu gezek bolsa ol birnäçe milliardy birden sarp etdi. Bu hakynda Forbes žurnaly habar berýär.
Finniň sözlerine görä, ol aýaly bilen kynçylyksyz ýaşamak üçin iki million dollar alyp goýupdyr. Galan pullaryň ählisini sahawat işlerine gönükdiripdir. Işewür 40 ýylyň dowamynda öz hasabynda dürli sahawat ähmiýetli çäreleri durmuşa geçirdi. Öz ömür ýolunda sahawatyň orny hakynda Çak Fini şeýle diýýär: “Biz köp zady öwrendik. Yzyma nazar aýlasam, käbir zatlary başgaça edip biljekdigimi aňladym. Maksadyma diriligimde ýetişenime begenýärin”.
Aýdylmagyna görä, Fini ýönekeýje ömür sürýär. Onuň San-Fransiskodaky öýi talyplaryň ýatakhanasyna meňzeýär.
Duty Free kompaniýasynyň esaslandyryjysy ähli baýlygyny sahawat etdi
