Amerikanyň Facebook kompaniýasy talyplar üçin täze sosial tory işe başlatdy. Bu barada kompaniýanyň web saýtynda habar berildi.
Facebook Campus platformasy uzak aralykdan okatmak wahtynda täze tanyşlary artdyrmak mümkinçiligini berýär. Şeýle-de, bu pandemiýa sebäpli talyplara okuw jaýlaryna barmaýan wagtynda topardaşlary bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy aňsatlaşdyrýar. Täze maksatnamanyň üsti bilen topardaşlaryň bilen gürleşmek, ýörite toparlary döretmek, täzelikler bilen tanyşmak, ýokary okuw mekdebiňiziň ýolbaşçy düzüminden habarlary almak we başga oňaýlylyklardan peýdalanmak mümkin bolar.
Öndürijiler tarapyndan täze sosial tor hakynda kompaniýanyň menejeri Çarmeýn Hung şeýle gürrüň berýär: “Biz topardaşlaryň biri-biri bilen duşuşmagy, täze gatnaşyklary emele getirmekleri we söhbetleşmeklerini aňsatlaşdyrýan önümi döretmekçidik. Biz häzirki wagtda koronawirus pandemiýasy sebäpli Campus öňkilerden görä has hem gereklimikän diýýäris’.
Profil döretmek üçin size mekdebiňiziň elektron poçtasy we näçenji ýyl talypdygyňyz baradaky maglumatlar gerek bolar. Häzirki wagtda Facebook Campus ABŞ-nyň 30 sany kollejinde we uniwersitetinde bar. Emma kompaniýa wagtyň geçmegi bilen öz işini giňeltmegi maksat edinýär.