Grenlandiýadaky iň uly Şelf buzlugyndan meýdany 110 kwadrat kilometr bolan buz bölegi aýratyn bölnüp gitdi. Bu barada “Korrespondent.net” habar berýär.
Alymlaryň sözlerine görä, bu buz böleginiň bölnüp aýrylmagy klimatyň üýtgemeginiň örän çalt depginde dowam edýändigini aňladýar.
Germaniýanyň Erlangen-Nýunberg uniwersitetiniň hünärmeni Jenni Turtonyň aýtmagyna görä, Grenlandiýada soňky 40 ýylyň içinde howanyň tempraturasy selsiý şkalasy boýunça üç dereje ýokary göterildi. 2019 we 2020-nji ýyllarda bolsa iň ýokary howa derejesi anyklanyldy.
Ownuk böleklere bölnüp giden 79N atly buzluk 2019 ýylda çukur ýaryklary emele gelipdi. 2020-nji ýylyň yssy tomusy bolsa ýagdaýy has hem çylşyrymlaşdyrdy.