Garet Beýliň agenti futbolçynyň karýerasyny iňlisleriň “Tottenhem” toparynda dowam etjekdigini belleýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýetirilýän habarlarda Beýliň täze toparyna ýakyn wagtda geçjekdigi barada aýdylýar we toparlaryň ylalaşygy esasynda onuň sanly günlerden resmi ýagdaýda täze toparda çykyş etjekdigi barada habar berilýär. Ol iňlis toparynda kärendesine çykyş eder. “Tottenhem” futbolça kärendesine çykyş edýänligi üçin hem-de şertnamada göz öňüne tutulan ýagdaýlar esasynda töleginiň ýarysyny tölär. Şertnama laýyklykda, welsli futbolçy täze toparynda bir möwsüm çykyş eder.
Ýatlap geçsek, Beýl “Tottenhem” toparynda öň hem 2007-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli çykyş edipdi. Şol möwsümlerde ol jemi 203 duşuşyga gatnaşyp, 56 sany gol geçirmegi we 58 gezek ýardam pasyny bermegi başardy.
2013-nji ýylda bolsa Beýl Madridiň “Realyna” transfer boldy. Bu transfer Madridiň topary üçin 101 million ýewro düşüpdi. “Realyň” düzüminde Garet Beýl 251 duşuşyk geçirip, 105 gezek tapawutlanmagy, 68 gezek ýardam pasyny bermegi başardy. Beýliň “Real” bilen bagly şertnamasy 2022-nji ýyla çenli dowam edýär. Geçen möwsümde ol bu toparyň düzüminde jemi 16 gezek meýdança çykyp, 2 gol we 2 ýardam pasyny geçirdi.