Nar – witaminlere we antioksidantlara baý miweleriň biridir. Narda üç sany görnüşdäki antioksidantlar bar. Şeýle-de, antosian we ellogol kislotasy hem köp mukdarda saklanýar. Nar özüniň miwe görnüşinde hem şerbet görnüşinde hem ulanylsa-da, peýdaly häsiýetlerini ýitirmeýär.
Eger siz berhiz saklaýan bolsaňyz, günüň dowamynda bir bulgur nar şerbedini içmek siziň üçin beden agramyňyzy azaltmaga iň gowy serişde bolup biler. Munuň esasy sebäbi bolsa bu miwäniň düzüminde polifenol maddasynyň barlygydyr. Anyklanylmagyna görä, naryň düzümindäki ýokary derejeli antioksidantlar ýürek gan-damar keselleriniň öňüni alýar. Ýürek kesellerinden ejir çekýänler, şeýle-de, onuň öňüni almak isleýänler günüň dowamynda 1-2 gezek ýarym bulgur naryň şerbedini kabul etmekleri maksadalaýykdyr.
Düwürtikler bilen göreşde şu usul ýokary netije berer. 1 çaý çemçe duza 2 nahar çemçe naryň şerbedi we şonça mukdardaky kir sabynyň köpürjigi garylýar. Emele gelen garyndy düwürtikleriň üstüne çalynýar we 5-8 minutdan soň mylaýym suw bilen ýuwulýar.
Damak agyrysynda naryň şerbedinden ýa-da onuň gabygyndan taýýarlanan gaýnatmany ulanmak bolýar. Eger özüňizi işdäsiz duýsaňyz nahardan öň ýarym bulgur naryň şerbedini kabul etmeli.