ABŞ-nyň kosmik agentliginiň ekspertleri Hubble teleskopynyň kömegi bilen Ýupiterde gyzyl, onuň astynda bolsa ak tupany surata almagy başardy. Bu barada NASA-nyň Instagramdaky sahypasy arkaly mälim edildi.
Aýdylmagyna görä, gyzyl typan Ýeri ýuwdup ibermäk derejesinde güýçli hasaplanýar. Şeýle-de, ikinji tupan hem deslapdan gyzyl bolupdyr, soňra bolsa agaryp güýçlenipdir. Emma ol birinjä garanda biraz güýji pesdir.
Hubble-niň resmi saýtynda ýazylmagyna görä, surat 25-nji awgust güni alnypdyr. Edil şol wagtlar Ýupiter ýerden 653 million kilometr uzaklykda bolupdyr. Kosmos teleskopynyň ajaýyp we hiç wagt gaýtalanmajak suratynda sagadyna 560 kilometr tizlikde hereketlenýän açyk, ak we inine ulalyp barýan tupan şekillendirilipdir.