ABŞ-nyň Söwda ministrligi 20-nji sentýabrdan başlap TikTok programmasyny ýükläp almagy gadagan etdi. Eger bu programma milli howpsuzlyk bilen bagly meseläniň öňüni almasa 12-nji sentýabrdan başlap peýdalanmaklygy hem gadagan etmegi mümkin. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrligi özüniň ýörite saýtynda habar berdi.
Saýtyň berýän habaryna görä, ABŞ prezidenti Donald Trampyň 2020-nji ýylyň 6-njy awgustynda gol çeken permanlaryna jogap hökümnde Söwda ministrligi ABŞ milli howpsuzlygyny üpjün etmek maksadynda WeChat we TikTok mobil programmalary bilen bagly operasiýalary gadagan etmek barada bildiriş yglan etdi. Donald Tramp TikTok tarapyndan emele gelýän milli howpsuzlyk bilen bagly meseleleri çözmek üçin 12-nji noýabra çenli möhlet berdi. Meseleler çözülse gadagan etmeleriň aýrylmagy mümkin.
ABŞ-nyň hökümeti TikTok-y amerikalylardan Hytaýyň resmi wekillerine maglumatlary bermekde aýyplaýar. Programmanyň eýesi ByteDance kompaniýasy muny ret edýär. Şeýle hem, Tramp awgust aýynda “TikTok meselesi bilen göreşmek” we “WeChat meselesi bilen göreşmek” boýunça ýerine ýetiriji buýruklara gol çekdi. Bu bolsa oňa ABŞ ýurisdiksiýalaryndaky ByteDance bilen bagly her hili operasiýalary tamamlamak üçin bi aýa ýakyn wagt berdi.
ABŞ TikTok-y ýükläp almagy gadagan etdi
