Transfer töleginiň möçberi 4 million ýewro diýlip kesgitlenýän futbolçy “Lokomotiwiň” düzümine tölegsiz esasda goşular.
Horwatlaryň ezber hüjümçisi Mario Manžukiç Moskwanyň “Lokomotiw” topary bilen transfer şertnamasyny baglaşdy. Futbolçynyň täze topar bilen baglaşan bu şertnamasy 2 ýyllyk diýlip kesgitlenilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýetirilýän habarlaryň mazmunyna laýyklykda, Manžukiç rus toparynyň düzüminde 2022-nji ýylyň tomsuna çenli çykyş eder. Onuň ýyllyk zähmet haky bolsa 2,7 million ýewro barabar bolar.
Aýdyp geçsek, tejribeli, köp geçirýän gollary bilen tapawutlanýan hüjümçi 5-nji iýuldan bäri hiç bir toparda çykyş etmeýär. Ol karýerasynyň dowamynda “Bawariýa”, Madridiň “Atletikosy” we “Ýuwentus” ýaly ägirt toparlarda çykyş edipdi. Futbolçynyň soňky çykyş eden topary bolsa Kataryň “Al-Duhail” topary bolupdy. Manžukiç 2012-2013-nji ýyllarda bassyr iki gezek Horwatiýanyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi.
Manžukiç “Lokomotiwde” çykyş eder
