Pekin awtosalony bu ýyl hem hökmany suratda öz tanyşdyryş çäresini geçirer. Muny habar bermek bilen hünärmenler oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleri saglyk goraglylygynyň ýokary derejede üpjün ediljekdigine ynandyrýarlar. Hünärmenler munuň üçin ýörite maksatnamalary taýýarlaýarlar.
Bu gezekki geçjek çäräniň mazmunynda täze tanyşdyryljak awtoulaglar dünýäniň iň öňdebaryjy berendleriniň ählisinden bolar. Bilermenler eýýäm tanyşdyryljak 3 sany awtoulagyň belli bolandygyny aýdýarlar.
Bularyň içinde ilkinji nobatda görkezilýäni elektrik esasda hereket etjek Nissan Ariya krossoweridir. Daşky nowa keşbi boýunça ol Nissan X-Trail kysymyna çalymdaşdyr. Olar satuwa motorynyň kuwwatlylygy hem-de batareýasynyň sygymy boýunça tapawutlanjak birnäçe görnüşde çykarylar. Bu ugurda ikinji orny bolsa BMW 5-Series sedany eýeleýär. Ol eýýäm maý aýynda onlaýn görnüşde tanyşdyrylypdy, emma awto söýüjiler ony ilkinji gezek Pekin awtosalonynda görüp bilerler.
Awtosalonda köpleriň ünsüni çekjek üçünji awtoulag bolsa Kia Carnival awtoulagydyr. Bu awtoulag dünýä ýüzüne 2021-nji ýyldan ýaýrap başlar.
Pekin awtosalonynyň täzeliklerinden
