Kompaniýanyň aksiýalarynyň bahasy geçen döwrüň içinde 107 dollara çenli düşdi. Kapitallaşma bolsa 2,247 trillion dollardan 1,842 trillion dollara çenli peseldi. Bu ýagdaýyň anyk sebäbi ýok. Hünärmenler kompaniýanyň golaýda geçiren sergisiniň onçakly gowy bolmandygyny aýdýarlar. Emma Apple-iň aksiýalary bu sergiden has öň hümmetsizlenip başlady. Bilermenler muňa sebäp hökmünde fon-biržanyň içki ýagdaýlaryny we Apple aksiýalarynyň bahasynyň has ýokarlandyrylandygyny görkezýärler.
Bir aý öň Apple öz kapitallaşygyny 2 trillion dollara ýetirip ABŞ-daky birinji we dünýädäki ikinji kompaniýa öwrülipdi. Kompaniýa muňa köpsanly bilermenleriň takmyn etmeklerinden has ir eýe boldy.
Ýöne kompaniýanyň aksiýalary maksimum gymmata eýe bolandan soň hümmetini ýitirip başlady. Uly ýitgilere garamazdan kompaniýa öz bäsdeşlerini ençeme yzda galdyryp, dünýädäki iň gymmat kompaniýa bolmagy başardy.