BMG-niň azyk işleri boýunça ýolbaşçysy Dewid Bisli milliarderlerden we biznesmenlerden dünýä boýunça bu ýyl açlykdan ejir çekmek howpy bolan 30 million adamy goramaga ýardam bermäge çagyrdy. Bu barada CNBC habar berýär.
Bu mesele boýunça “Mätäçleri bir ýylyň dowamynda bakmak üçin gurama 4,9 milliard dollar gerek bolar. Dünýäde bolsa baýlyklary 8 trillion dollara deň bolan iki müňden gowrak milliarder bar. Olaryň käbirleri pandemiýa döwründe milliardlap pul işlediler. Men olaryň girdeji çeşmeleriniň artmagyna garşy däl. Emma adamzat iň uly çökgünlige duçar bolmagy mümkin”- diýýär Bisli.
Dewid Bisli BMG-niň azyk meseleleri boýunça ýolbaşçy hökmünde açlyk howpunyň dünýäni hüşgärlige salmaga mejbur edýändigini, munuň ýaly belany ýeňmekde hökümetleriň we hususy biznesmenleriň bilelikdäki goldawynyň gerekdigini belledi.
BMG 30 million açlyk çekýänler üçin milliarderlerden kömek sorady
