Microsoft kompaniýasy ofisleriň işine niýetlenen faýllary döretmek üçin ulanylýan täze ofis pakedini tanyşdyrdy. Bu barada korporasiýanyň resmi saýty 24-ni sentýabrda habar berdi.
Korporasiýa soňky ýyllarda Office 365 programmasyny ofis üçin niýetlenen prorammalaryň hatarynda öňdäki orunlara çykardy. Ýaýratmagyň bu hili görnüşi Office programmasy üçin her aýlyk ýazylyşygy hem-de kompaniýanyň bu ugra degişli onlaýn hyzmatlaryny hödürleýär.
Modeli boýunça bir gezekli tölegi häzirlikçe Office 2019-a degişli diýlip görkezilýär. Ulanyjylaryň köpüsi bu Office-iň iň soňky ýazylyşyksyz wersiýasydyr diýip pikir etdiler, emma bu beýle däldir.
Ýazylyşygy talap etmeýän täze Office 2020 hem eýýämden tanyşdyrylýar. Muňa garamazdan, ol 2021-nji ýylyň ikinji ýarymyna köpçülige ýetiriler. Ol Windows hem-de MacOS ulgamlarynda ulanmaga niýetlener.
Microsoft Office 2020 proigrammasy bilen tanyşdyrdy
