Ýurdunda pandemiýanyň zyýanly netijelerinden ejir çekýänlere haýyr-sahawat kömegini bermek üçin filippinli boksçy Menni Pakýao ýene-de ringe çykar.
Habar berlişine görä, Menni Pakýao boks düzgünleri boýunça UFC-niň ýyldyz söweşijisi Konor MakGregor bilen tutluşyk geçirer. Ýatlap geçmeli zatlaryň biri hem, bu türgenleriň ýakynda karýerasyny tamamlandyklaryny mälim edenligidir.
Pakýaonyň kömekçisi Jeýk Jonson filippinli türgeniň ringe dolanmagynyň sebäbini, onuň ýurdunda haýyr-sahawat üçin hem-de COVID-19 ýokanç wirusyndan ejir çekýänlere kömek bermek bilen pul paýlamak üçin tutluşyk geçirmek isländigi bilen düşündirýär. Bu tutluşyk örän girdejili bolar hem-de Menni gazanan pullarynyň ählisini haýyr-sahawat üçin harçlar.
Şeýle-de Jeýk Jonson geçjek duşuşygyň heniz senesiniň belli däldigini hem-de bu işde häzirlikçe hukukçylaryň iş alyp barýanlygyny aýdýar.
Menni Pakýao häzir Filippinleriň Senatynyň sport komitetini dolandyrýar. Boksçy iň soňky tutluşygyny 2019-njy ýylyň 20-nji iýulynda Kit Turmana garşy geçiripdi.