Güýz paslynda immunitetimizi berkitmek hem-de özümizi sagdyn duýmak üçin nähili gök hem tropik önümlerini iýmelidigi barada dietologlar witaminleriň gerekli görnüşlerini kabul etmegi maslahat berýärler. Bu barada dietolog Ýelena Solomatina “Вечерняя Москва” neşirine berýän maglumatynda aýratyn durup geçýär. Munuň üçin bolsa bize şu witaminleri bolan önümleri iýmek maslahat berilýär.
C witamini — bu witamin limonda we beýleki sitrus miwelerinde, şeýle-de bolgar burçunda, oblepihada, smorodinada we şipownikde bar.
Keratinoidler — munuň möhümligi, onuň A witamini bilen bilelikde wiruslaryň ýaramaz täsirlerinden goraýanlygydyr. Ol düzüminde käşir, kädi, burç ýaly sary-mämişi reňkli önümleri saklaýar.
A witamini — Bu, esasan ýumurtgada, süýt önümlerinde we balyk ýagynda köp mukdarda saklanýar.
D witamin — bu diňe bir immunitet üçin täsirli bolman, eýsem möwsümleýin depressiýadan hem goranmaga kömek edýär. Ol ýumurtga kletkalarynda, ösümlik ýagynda, aýratyn hem bagyrda köp mukdarda saklanýar. Onuň kiçijik bölegini iýmek organizmiň gündelik talap edýän normasyny dolmaga kömek edýär.
Sink — bu witamin deňiz önümlerinde, etiň düzüminde, kädi çigidinde we islendik gök hem miwe önüminde bardyr.
Belok — esasan, towuk döşünde, doragda hem-de ýumurtgada köp mukdarda jemlenýär.
Suw — bedenimizi hemişe suw bilen üpjün edip durmaly, aýratyn hem möwsümleýin keselleriň ýüze çykýan mahallary ýeterlik derejede arassa suw içmeli. Dietologyň bellemegine görä, gurulykdan wirusyň geçmegi suw bilen üpjün edilenden örän tapawutlydyr. Ol gury organizme tiz aralaşyp bilýär.
Esasy bellemeli zatlaryň biri hökmünde dietolog sagdyn iýmitlenmekde balansy hemişe saklamalydygyny maslahat berýär.
Güýzde immuniteti nädip berkitmeli?
