Ady agzalan filmiň sahnalaryny Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürerler. Şu sebäpli hem aktýoryň uçuşy HKS-nyň uçuşlar sanawyna girizildi. Uçuş 2021-nji ýylyň oktýabryna bellenildi. Aktýor bilen bilelikde HKS-ä film režissiýory Dag Laýman hem gider. Olar kosmos stansiýasyna Ilon Maskyň Crew Dragon gämisinde giderler.
Amerikaly telekeçi Ilon Mask kosmosda dünýädäki ilkinji filmi surata alynjakdygy hakynda maý aýynda mälim edipdi. Bu taslama NASA hem gatnaşar.
Söweş žanrynda surata alynjak bu filmiň häzirki wagta çenli resmi ady ýok. Onuň býujeti 200 million dollara möçberde bahalandyrylýar. Bu bolsa geljekdäki iň bir kassaly film üçin köp çykdajy ediljekdiginden habar berýär. Hemaýatkärler bolsa ilkinji nobatda filmiň üsti bilen öz kompaniýalarynyň abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýärler.