“Ýuwentus” futbol klubynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu karýerasynyň dowamynda bäşinji gezek Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasynyň (IFFHS) baýragyna eýe boldy. Bu barada portugaliýaly futbolçy özüniň Instagram-daky sahypasynda mälim etdi. Ronaldu eýe bolan bu baýragy hakynda şeýle diýýär: “IFFHS World-yň “Iň gowy halkara golçusy 2019” baýragyny gazanmagym meni juda begendirdi”.
Maglumat hökmünde bellesek, IFFHS-yň “Iň gowy halkara golçusy” (World’s Best Internationaal Top Goal Scorer) baýragyny her kalendar ýylynyň dowamynda halkara turnirler we Ýewrokuboklarda iň köp gol salan futbolçylara berilýär. Portugaliýaly futbolçy üçin bu gezekki baýrak bäşinjisi boldy. Bulardan başga-da, Ronalu 2013-2014-2016-2017-nji ýyllarda hem baýraga eýe bolupdy. Kriştiano 2019-njy ýylda “Ýuwentus” futbol klubynyň düzüminde umumy hasapda 21 sany gol salmagy başarypdy.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri Ronaldynyň goly IFFHS-iň 2019-njy ýyldaky iň gowy halkara goly diýlip ykrar edildi
Ronaldynyň goly IFFHS-iň 2019-njy ýyldaky iň gowy halkara goly diýlip ykrar edildi
