Samsung Electronics kompaniýasy Galaxy seriýasyndaky smartfonlaryndan peýdalanyp 8K formatdaky çeper filmi döretmegiň üstünde iş başlandygyny yglan etdi. Bu barada 4PDA.ru saýty habar berýär.
Kompaniýa täze taslamasy barada anyk maglumatlar berdi. Şeýle hem, taýýar bolan filmi görkezmek üçin şoňa mahsus birnäçe kinoteatryň açyljakdygyny mälim etdi. Samsung häzirki wagtda Untact adyny alan romantik filmiň režissiýory we aktýorlary bilen gepleşikleri geçirişi barada maglumatlary hem berdi. Brend wekilleriniň sözlerine görä, käbir sahnalardan daşary bütin film Galaxy S20 Note20 smartfonlarynyň kamerasynyň ýardamynda alnar.
Kompaniýanyň mälim etmegine görä, taslamanyň maksady – 8K kontenti we peýdalanyjylar üçin şunuň ýaly ekoulgamy wagyz etmekden ybaratdyr. Şu sebäpli soňky aýda Samsung täze filminiň görkezilişi üçin Seulda QLED panellerine eýe iki sany minikinoteatr açar. Tomaşaçylaryň sanynyň çäklidigi sebäpli petekler öňünden buýurma ediler. Şeýle-de, tomaşaçylar filmi onlaýn, esasan hem, YouTube arkaly hem tomaşa edip bilerler.
Öňräk Günorta Koreýada robotlar we awtomatik kassalar hyzmat edýän kinoteatrlaryň işi ýola goýlupdy.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Samsung kompaniýasy Galaxy S20 kömegi bilen 8K filmi surata düşürýär
Samsung kompaniýasy Galaxy S20 kömegi bilen 8K filmi surata düşürýär
