28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli, baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Bu ýerde guralan baýramçylyk dabaralaryna Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Atçylyk toplumynyň girelgesinde amaly-haşam sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, tanslary bilen baýramçylyk joşgunyny has artdyrdylar.
Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Her birine 12 bedew gatnaşan jemi 7 çapyşygyň dowamynda bu ýere ýygnanan at janköýerleriniň şowhuny baýramçylyk ruhuna beslenen sport toplumyndaky toý joşgunyny belende göterdi. Ýelden ýüwrük üç ýaşar, dört we uly ýaşar atlara ezberlik bilen erk eden ýaş çapyksuwarlar 1-2-nji çapyşyklarda 1600, 3-nji çapyşykda 1800, 4-5-nji çapyşyklarda 2200, 6-njy hem 7-nji çapyşyklarda bolsa 2400 metr aralygy geçmek boýunça özara bäsleşdiler. At çapyşyklarynyň 6-synyň ýeňijileri üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň adyndan 15 000 amerikan dollary möçberinde baýraklar, jemleýji 7-nji çapyşyk üçin bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 30 000 dollar möçberinde baş baýrak goýuldy.
1-nji çapyşykda Nurmyrat Agamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli, Karar hem Dagdan atly atlaryň neslinden bolan Kararym diýen dor at bilen bellenilen aralygy 1 minut 48 sekuntda geçip, ýeňiji bolmagy başardy.
2-nji çapyşykda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew atly gara gyr atda Döwran Berdimämmedow bellenen aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçip, ýeňiji boldy.
3-nji çapyşykda ýeňiji bolan Baba Babaýew bellenilen aralygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Bezirgen atly akýal mele atda 2 minut 2,6 sekuntda geçdi.
4-nji çapyşygyň ýeňijisi – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Rahym Abdyýew Türkmenistanyň Atly sport federasiýasyna degişli, Gaýgysyz hem Gülsona diýen atlaryň neslinden bolan Dorhan atly dor bedew bilen bellenilen aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.
5-nji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Goşasakar atly aty bilen Nedir Annamyradow 2 minut 30,7 sekunt netije görkezip, ýeňiji boldy.
6-njy çapyşykda Türkmenistanyň Adalat ministrligine degişli bolan Syrdaşym atly gyr atda bellenilen 2400 metr aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçen Baýram Berkeliýew ýeňiji boldy.
Jemleýji – 7-nji çapyşykda baş baýraga – Türkmenistanyň Prezidentiniň 30 000 amerikan dollaryna bellenilen 2400 metr aralygy Dorgunan atly bedewde 2 minut 49 sekuntda geçmegi başaran Begençmyrat Agamyradow mynasyp boldy. Ýeri gelende bellesek, ol geçen ýyl Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan at çapyşyklarynda hem baş baýraga mynasyp bolupdy.