Alymlar koronawirus infeksiýasyna garşy iň täsirli goragyň nämededigini mälim etdiler.
TodayNewsUfa saýty PLOS ONE saýtyna salgylanmak bilen Kaliforniýanyň alymlarynyň arassa ýüpekden taýýarlanan agyz-burun örtükleriniň täsirliligini barlag üsti bilen kesgitländikleri barada habar berýär. Geçirilen barlaglara gatnaşan alymlaryň biri bolan Patrik Gerranyň bellemegine görä, tebigy ýol bilen alnan ýüpek antiseptik özboluşlylygy özünde saklaýar we daşarky täsirlerden goramakda esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Şeýle ýüpekden taýýarlanýan agyz-burun örtükleriniň düzüminde ary balynyň hem bolmagy onuň dezinfeksiýa hökmünde ulanylmagynda peýdalydyr.
Matanyň şunuň ýaly görnüşi dem alyşda ýakynlaşyp bilýän bakteriýalary we wiruslary saklamaga we ýok etmäge niýetlenendir. Onuň çyg çekmeýän matasy ýaramaz täsiri getirýän bölejikleriň matada saklanyp galmagyna garşy bolup durýar. Häzirki wagtda alymlar koronawirus infeksiýasynyň Parkinson keseline ýetirýän täsirini hem aýdýarlar.