Eýýäm birnäçe ýyllar bäri katalonlaryň düzüminde çykyş edip gelýän urugwaýly Luis Suarez karýerasyny Madridiň “Atletiko” toparynyň düzüminde dowam eder. Topar onuň transferini öz resmi saýtynda resmi ýagdaýda yglan etdi. Suarez medisina barlagyndan üstünlikli geçdi we täze topary bilen 2 ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.
“Atletiko” topary täze futbolçysyny düzümine dünýä tejribesi bolan ýyldyz hüjümçiniň goşulandygyny bellemek bilen kabul etdi. Onuň görkezýän oýnuny futbol meýdançasynda özboluşly oýny bolan futbolçy hökmünde bilýärler.
Suarez barada belläp geçsek, ol mundan öň “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş etdi. Ol katalon toparyna 2014-nji ýylda gelipdi. Toparyň düzüminde esasy düzümde çykyş etmäge bolsa ýarym ýyldan soň başlady. Onuň sebäbi bolsa urugwaýly futbolçynyň 2014-nji ýylda geçirilen Dünýä çempionatynda 4 aýlyk diskwalifikasiýa edilmegidir.
Suares “Atletikonyň” düzüminde
