30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi nygtaldy, milli we dünýä gymmatlyklaryny goramaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň öňe ilerledilmegine Türkmenistanyň hemişe ygrarlydygy bellenildi.
Odri Azulaý ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Bilim, ylym, maglumat ulgamy, suw serişdelerini dolandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Azulaý bilermenleriň duşuşyklaryny guramagyň, taraplaryň uzak aralykdan okuw geçmäge degişli taslamalara gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.
Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, ÝUNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige hödürlemek maksadyny beýan etdiler. Türkmen halkynyň maddy däl medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde duşuşykda aýratyn bellenildi. Belli bolşy ýaly, bu ugurda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ozal Türkmenistanyň möhüm ruhy-medeni gymmatlyklarynyň birnäçesi goşuldy.
Duşuşygyň barşynda taraplar atlaryň ahalteke tohumyny hem-de itleriň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan alabaýlary gorap saklamagyň ähmiýetini-de nygtadylar. Türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirilýändigini hem beýan etdiler.
ÝUNESKO-nyň baş direktory bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi
