Awstraliýadaky Lloyds auksionynda 1970-nji ýylda öndürilen Chevrolet Chevelle SS modeli 45 müň dollaryň öwezine satuwa goýuldy. Bu awtomobil “Forsaž” filminde surata almakda ulanylan bolup, ony baş gahryman Dominik Toretto dolandyrypdyr.
50 ýaşly Chevrolet Chevelle SS ilkinji gezek ekranlarda franşizanyň birinji bölegi titrländen soň peýda bolýar. Şonda iki sany gapyly ulag gara çyzyga eýe gyzyl reňkde bolupdyr. “Forsažyň” nobatdaky böleklerini surata almak üçin bolsa awtomobil dok kül reňke boýalypdyr.
Franshizanyň dördünji böleginde awtomobil hakyky rola eýe bolýar. Sýužet boýunça awtomobil ýok edilmegi gerek bolupdyr. Surata almak işinde alty sany birmeňzeş Chevrolet Chevelle gatnaşypdyr. Bellenilmegine görä, edil bu modelde Dizel gahrymany – Dominik Toretto hereketlenipdir. Gürrüňi gidýän awtomobiliň kino älemine degişlidigini Uniwersal studiýasynyň resminamalary hem tassyklaýar.
Ady agzalan ulga 350 at güýjüne eýe 5,7 litrli V8 dwigateli ornaşdyrylandyr. Agregat mehaniki geçirmeler gutusy arkaly dolandyrylýar. Bulardan başga-da, awtomobil goşmaça howpsuzlyk karkasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu Chevrolet-iň ýene-de bir aýratynlygy üstünde “Ride of Die” ýazuwynyň bolmagydyr. Satyjynyň sözlerine görä, ony 2015-nji ýylda merhum aktýor Pol Uokeriň dogany Kodi Uoker ýazyp galdyrypdyr