Saud Arabystanynda ýaşaýanlara oktýabr aýyndan haj zyýaratyny amala aşyrmak üçin rugsat berler. Bu barada ýurduň Içeri işleri ministrligi habar berýär. Maglumat berilmegine görä, zyýarat koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak çärelerini ýerine ýetirilip, tapgyrma-tapgyr dikeldiler.
4-nji oktýabrda başlanýan birinji tapgyrda adatdaky zyýaratçylaryň üçden bir bölegi, ýagny ýurduň 6 müň ilaty haj amallaryny berjaý etmekleri mümkin bolar. 18-nji oktýabrda göz öňünde tutulan tapgyrda zyýaratçylaryň sany 75%-e çenli köpeldiler.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli şu ýylyň aprel aýyndan başlap haj zyýaratlary ýatyrylypdy. Saud Arabystany maý aýynyň ahyrynda başlap karantin çäklendirmelerini ýuwaş-ýuwaşdan ýumşadypdy. Ýurduň içindäki hereket çäklendirmelerini ýatyryp, metjitler açylypdy. Adamlaryň öz iş ýerlerine gaýtmagyna rugsat berlipdi. Maglumat hökümnde belläp geçsek, ýurtda pandemiýa başlanandan bäri 331 359 sany koronawirus ýagdaýy bellige alyndy. 4 569 sany näsag bolsa aradan çykdy.
Saud Arabystanynda haj zyýaratlary dikeldiler
